379

وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ عن النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم: (أن رجلاً زار أخاً له في قرية أخرى فأرصد اللَّه على مدرجته ملكا) وذكر الحديث إلى قوله (إن اللَّه قد أحبك كما أحببته فيه) رَوَاهُ مُسْلِمٌ. وقد سبق في الباب قبله (انظر الحديث رقم 361) .

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle rowaýat edipdir:

“Bir adam başga bir obadaky musulman doganyny zyýarat etmek üçin ýola düşdi. Allah Tagala onuň gelýän ýolunda bir perişdäni goýdy. Ol adam perişdäniň ýanyna gelende, perişde ondan: “Nirä barýaň?” diýip sorady. Ol adam: “Şu obada bir musulman doganym bar, şonuň ýanyna barýaryn” diýdi. Perişde: “Sen oňa bir ýagşylyk etdiň-de, indi hem ondan bir zatlar peýdalanmak üçin barýaňmy?” diýip sorady. Ol: “Ýok, men ony diňe Allah üçin gowy görýän” diýdi. Perişde oňa: “Sen ol adamy nähili söýýän bolsaň, Allah Tagala hem seni şonuň ýaly söýýändigini habar bermek üçin iberilen Allahyň bir ilçisidirin” diýdi.

Salgylanma:

(Muslim)