395

وعن عبد اللَّه بن عتبة بن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال سمعت عمر بن الخطاب رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ يقول: إن ناساً كانوا يؤخذون بالوحي في عهد رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم وإن الوحي قد انقطع وإنما نأخذكم الآن بما ظهر لنا من أعمالكم، فمن أظهر لنا خيراً أمناه وقربناه وليس لنا من سريرته شيء، اللَّه يحاسبه في سريرته، ومن أظهر لنا سوءاً لم نأمنه ولم نصدقه وإن قال إن سريرته حسنة. رَوَاهُ الْبُخَارِيُّ.

Abdulla ibn ‘Utba ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Omar ibn Hattabyň (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe wahynyň saýasynda adamlaryň (gizlin eden işleri üçin hem) hasap soralardy. Indi, wahy kesildi. Biz indi siziň äşgär edip duran amallaryňyza görä baha bereris. Kim haýyr görkezse, biz oňa ynanarys we ony özümize ýakyn ederis, onuň içki gizlin işleri bilen biziň işimiz bolmaz. Gizlin işleri üçin Allahyň Özi ondan hasap sorar. Bize ýaman häsiýetlerini görkezen adamdan bolsa, biz arkaýyn bolmarys. Eger-de, ol niýetiniň gowudygyny aýtsa hem, biz ondan arkaýyn bolmarys we onuň sözlerine ynanmarys”.

Salgylanma:

(Buhary)