396

عن ابن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: حدثنا رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم وهو الصادق المصدوق: (إن أحدكم يجمع خلقه في بطن أمه أربعين يوما نطفةً، ثم يكون علقة مثل ذلك، ثم يكون مضغة مثل ذلك، ثم يرسل الملك فينفخ فيه الروح، ويؤمر بأربع كلمات: بكتب رزقه، وأجله وعمله، وشقي أو سعيد. فوالذي لا إله غيره إن أحدكم ليعمل بعمل أهل الجنة حتى ما يكون بينه وبينها إلا ذراع فيسبق عليه الكتاب فيعمل بعمل أهل النار فيدخلها، وإن أحدكم ليعمل بعمل أهل النار حتى ما يكون بينه وبينها إلا ذراع فيسبق عليه الكتاب فيعمل بعمل أهل الجنة فيدخلها) مُتَّفَقٌ عَلَيْهِ.

Abdulla ibn Mesu’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Dogruçyl we Ynamdar bolan (aýdýan sözleri tassyk edilen) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize şeýle gürrüň berdi:

"“Siziň her biriňiz ilki öz ejesiniň göwresinde-kä kyrk günläp tohumlyk damja (nutfa) şeklinde emele geler. Soňra şonça wagtlap (ikinji kyrk güniň içinde) goýy gan (‘alaka) şeklinde bolar, soňra şonça wagtlap (kyrk günläp) tokga et (mudga) şeklinde bolar. Soňra oňa bir perişde iberiler, perişde oňa ruh (jan) üflär we dört zady ýazmaga emr ediler; ryskyny, ajalyny, amalyny we onuň bagtly ýa-da bagtsyz boljagyny.
Özünden başga hiç bir hudaý bolmadyk, Allahdan ant içýärin, elbetde, siziň biriňiz Jennetileriň eden amallaryny eder we onuň bilen Jennetiň arasynda bary-ýogy bir gez galanda, onuň kitaby (ýazgydy) öňüne geçer-de, ol dowzahylaryň eden amallaryny eder we dowzaha düşer.
(Edil şonuň ýaly) sizden biri dowzahylaryň eden amallaryny eder we onuň bilen dowzahyň arasynda bary-ýogy bir gez galanda, onuň kitaby (ýazgydy) öňüne geçer-de, ol Jennetileriň eden amallaryny eder we Jennete girer”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)