402

وعن المقداد رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: سمعت رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم يقول: (تدنى الشمس يوم القيامة من الخلق حتى تكون منهم كمقدار ميل (قال سليم بن عامر الراوي عن المقداد: فوالله ما أدري ما يعني بالميل أمسافة الأرض أم الميل الذي يكحل به العين) فيكون الناس على قدر أعمالهم في العرق. فمنهم من يكون إلى كعبيه، ومنهم من يكون إلى ركبتيه، ومنهم من يكون إلى حقويه، ومنهم من يلجمه العرق إلجاما) وأشار رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم بيده إلى فيه. رَوَاهُ مُسْلِمٌ.

Mikdaddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

"“Kyýamat güni, Güni ynsanlara bir mil[1] aralyk galýança ýakyň getiriler”.
Hadysy Mikdaddan rowaýat eden Süleým ibn Amr: “Wallahy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň “mil” diýen sözünden maksat, ýerdäki aralyk ölçenýän milmi ýa-da göze sürme çekilende ulanylýan mil (taýajygymy), bularyň haýsydygyny anyk bilmedim” diýipdir.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi): “Ynsanlar eden günä işleriniň mukdaryna görä, öz derlerine gark bolarlar. Käbirleriniň derleri topuklaryna, käbirleriniňki dyzlaryna, käbirleriniňki bolsa billerine çenli baryp ýeter. Käbirleriniň bolsa, derleri (agyzlaryna çenli ýetip) jylawlap goýar diýip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem elleri bilen agzyny görkezdi”[2]. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

“[1] Araplaryň miliniň uzynlygy 1920 metre barabardyr.
[2] Ýagny bu diýdigi käbirleriniň derlei agyzlaryna çenli ýetip, gürläp bilmejek ýagdaýda derleri bilen agyzlary jylawlanan ýaly bolar.”