408

وعن أبي هريرة رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: قرأ رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم {يومئذ تحدث أخبارها}(الزلزلة 4) ثم قال: (أتدرون ما أخبارها) قالوا: اللَّه ورسوله أعلم. قال: (فإن أخبارها أن تشهد على كل عبد أو أمة بما عمل على ظهرها تقول: عمل كذا وكذا يوم كذا وكذا؛ فهذه أخبارها) رَوَاهُ التِّرْمِذِيُّ وَقَالَ حَدِيْثٌ حَسَنٌ.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün:
“Ine, şol gün, ýer, (üstünde bolup geçen ähli zatlary) habar berer.” {Zalzala:4} aýatyny okady. Soňra bolsa: “(Ýeriň berjek) habarynyň nämedigini bilýäňizmi?” diýip sorady. Sahabalar: “Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onuň berjek habary, her bir erkegiň ýa-da aýalyň Ýeriň üstünde näme edendiklerine şaýat bolup, “Bu pylan-pylan günde, pylan-pylan işleri etdi” diýmegidir. Ynha, ýeriň berjek habarlary şudur” diýdi”. "

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol hadys-hasan diýipdir) (Zagyf hadys)