409

وعن أبي سعيد الخدري رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم: (كيف أنعم وصاحب القرن قد التقم القرن، واستمع الإذن متى يؤمر بالنفخ فينفخ) فكأن ذلك ثقل على أصحاب رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم فقال لهم: (قولوا حسبنا اللَّه ونعم الوكيل) رَوَاهُ التِّرْمِذِيُّ وَقَالَ حَدِيْثٌ حَسَنٌ. (القرن) : هو الصور الذي قال اللَّه تعالى (الزمر 68): {ونفخ في الصور}كذا فسره رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم.

Ebu Say’d El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir gün) şeýle diýdi:

"“Men nädip durmuşdan lezzet alyp, rahat ýaşaýyn?! Suryň[1] eýesi (Israfil aleýhissalam) eýýäm sury agzynda goýup, çalmak üçin buýruga garaşyp başlady”.
Bu söz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň sahabalaryna gaty agyr degdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Hasbunallahu wä ni’mäl-wäkil!” (Allah biziň üçin ýeterlikdir, ol iň gözel howandardyr!) diýip aýdyň” diýdi”. "

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol hadys-hasan – diýdi)

bellikler:

[1] Tüýdük