411

وعن عائشة رَضِيَ اللَّهُ عَنْها قالت: سمعت رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم يقول: (يحشر الناس يوم القيامة حفاةً، عراةً، غرلا) قلت: يا رَسُول اللَّهِ الرجال والنساء جميعاً ينظر بعضهم إلى بعض قال: (يا عائشة الأمر أشد من أن يهمهم ذلك) (غرلا) بضم الغين المعجمة: أي غير مختونين. مُتَّفَقٌ عَلَيْهِ.

Hezreti Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Kyýamat gününde adamlar aýak gapsyz, ýalaňaç we sünnetsiz bolup Allahyň huzurynda jemlenerler”. Men: “Ýa Resulallah! Erkekler we aýallar bile bolan wagty, biri-birlerine seretmezlermi?!” diýip soradym. Ol: “Eý Aişa! (Ol günüň aladalary) olaryň biri-birlerine seretmeklerinden has agyr geler” diýdi.

وفي رواية: (الأمر أهم من أن ينظر بعضهم إلى بعض)

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Ýagdaýlar (aladalar), biri-birlerine seretmeklerinden has möhümdir” (ýagny, olar hasaba çekilip, hallarynyň nähili boljagyndan gorkup, biri-birlerine seretmäge elleri hem degmez).

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)