412

وعن عبادة بن الصامت رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (من شهد أن لا إله إلا اللَّه وحده لا شريك له وأن محمداً عبده ورسوله، وأن عيسى عبد اللَّه ورسوله وكلمته ألقاها إلى مريم وروح منه، والجنة والنار حق، أدخله اللَّه الجنة على ما كان من العمل) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

‘Ubade ibn Somitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Kimde-kim ýalňyz Allahdan başga (hak ybadat edere) hiç bir hudaý ýokdugyna we Onuň şäriginiň hem ýokdugyna, Muhammed Allahyň guly we ilçisidigine, Isa-da Allahyň guly we ilçisidigine, şeýle hem Merýemde goýan kelimesi[1] we Allahdan gelen bir ruhdygyna, Jennetiňem, dowzahyňam hakdygyna şaýatlyk etse, Allah Tagala ol adamy amaly nähili bolsa-da, Jennete salar”.

وفي رواية لمسلم: (من شهد أن لا إله إلا اللَّه وأن محمداً رَسُول اللَّهِ حرم اللَّه عليه النار) .

Muslimiň rowaýatynda şeýle gelýär:

“Allahdan başga (hak ybadat edere) hiç bir hudaý ýokdur we Muhammed Allahyň ilçisidir” diýip, şaýatlyk getiren adamy, Allah dowzah oduna haram eder”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Allah Tagala Isany “kun” (bol!) diýen kelimeden, sözden ýaradandyr.