426

وعن معاذ بن جبل رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: كنت ردف النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم على حمار فقال: (يا معاذ هل تدري ما حق اللَّه على عباده وما حق العباد على اللَّه) قلت: اللَّه ورسوله أعلم. قال: (فإن حق اللَّه على العباد أن يعبدوه ولا يشركوا به شيئاً، وحق العباد على اللَّه أن لا يعذب من لا يشرك به شيئا) فقلت: يا رَسُول اللَّهِ أفلا أبشر الناس قال: (لا تبشرهم فيتكلوا) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Mu’az ibn Jebelden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gün men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň münüp barýan ulagynyň arkasyndadym, Ol maňa: “Eý Mu’az! Allahyň bendeleriniň üstünde, bendeleriň hem Allahyň üstünde näme haklarynyň bardygyny bilýärmiň?” diýdi. Men: “Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdim. Ol hem: “Allahyň bendeleriniň üstündäki haky, olaryň diňe Allah Tagala gulluk edip, Oňa hiç bir zady şirk getirmezlikleridir. Bendeleriň Allahyň üstündäki haky bolsa, hiç bir zady şärik getirmedik adama azap bermezligidir”. Men: “Eý Allahyň Resuly! Muny adamlara buşlaýynmy?!” diýdim. Ol: “Ýok buşlama, çünki, olar muňa arkaýyn bolup, amal etmän galarlar” diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)