431

وعن ابن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: كنا مع رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم في قبة نحواً من أربعين فقال: (أترضون أن تكونوا ربع أهل الجنة) قلنا: نعم. قال: (أترضون أن تكونوا ثلث أهل الجنة) قلنا: نعم. قال: (والذي نفس محمد بيده إني لأرجو أن تكونوا نصف أهل الجنة. وذلك أن الجنة لا يدخلها إلا نفس مسلمة وما أنتم في أهل الشرك إلا كالشعرة البيضاء في جلد الثور الأسود، أو كالشعرة السوداء في جلد الثور الأحمر) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Ibn Mesu’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gün biz kyrka golaý sahaba bolup, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda çadyrda otyrdyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bizden: “Jennetdäkileriň dörtden biri bolmagy islärsiňizmi?” diýip sorady. Biz: “Hawa” diýdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Jennetdäkileriň üçden biri bolmagy islärsiňizmi?” diýip sorady. Biz ýene-de: “Hawa” diýdik. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
“Muhammediň jany elinde bolan Allahdan ant içýärin, Men siziň Jennetdäkileriň ýarysy bolmagyňyzy umyt edýärin. Çünki Jennete, diňe musulman bolan adam girer. Müşrikler bilen deňeşdirilende siz gara öküziň derisindäki akja bir gyla ýa-da gyzyl öküziň derisindäki garaja bir gyla meňzärsiňiz” diýdi”."

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)