442

وعن أنس رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: سمعت رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم يقول: (قال اللَّه تعالى: يا ابن آدم إنك ما دعوتني ورجوتني غفرت لك على ما كان منك ولا أبالي، يا ابن آدم لو بلغت ذنوبك عنان السماء ثم استغفرتني غفرت لك، يا ابن آدم إنك لو أتيتني بقراب الأرض خطايا ثم لقيتني لا تشرك بي شيئاً لأتيتك بقرابها مغفرة) رَوَاهُ التِّرمِذِيُّ وَقَالَ حَدِيثٌ حَسَنٌ. (عنان السماء) بفتح العين قيل هو: ما عن لك منها: أي ظهر إذا رفعت رأسك. وقيل هو: السحاب. و(قراب الأرض) بضم القاف، وقيل بكسرها، والضم أصح وأشهر هو: ما يقارب ملأها، والله أعلم.

Enesden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

"“Allah Tagala şeýle diýipdir:
Eý, Adam ogly! Sen Maňa yzygiderli doga-dileg edip dursaň we Menden umydyňy üzmeseň, nähili günä edenem bolsaň, Men seni bagyşlaryn.
Eý, Adam ogly! Eger-de seniň günäleriň (köplügi) asmana baryp ýetýänem bolsa, soňra menden günäleriňi geçmegimi sorap ýalbarsaň, Men seniň günäleriň köplügine garamazdan günäleriňi geçerin, bagyşlaryn.
Eý, adam ogly! ! Eger-de sen Meniň ýanyma ýeriň ýüzüni dolduryp duran günäler bilen, ýöne Maňa hiç zady şirk getirmän gelseň, Men seni ýeriň ýüzüni dolduryp duran magfiretim (merhemetim) bilen garşy alaryn”."

Salgylanma:

(Tirmizi. Hadys-Hasan diýipdir)