444

وعن أبي سعيد الخدري رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ أن رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم قال: (إذا وضعت الجنازة واحتملها الناس أو الرجال على أعناقهم فإن كانت صالحة قالت: قدموني قدموني، وإن كانت غير صالحة قالت: يا ويلها! أين تذهبون بها يسمع صوتها كل شيء إلا الإنسان ولو سمعه صعق) رَوَاهُ البُخَارِيُّ.

Ebu Say’d El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Öli tabyda goýulup, adamlar ony eginlerine alanlarynda, eger gowy adam bolsa, “Meni çalt äkidiň, meni çalt äkidiň!” diýer. Eger erbet adam bolsa, “Eýwaý! Siz meni nirä alyp barýarsyňyz!” diýer. Onuň bu sesini ynsandan başga hemme zat eşider. Eger ynsan bu sesi eşiden bolsady, çaşyp ýykylardy”.

Salgylanma:

(Buhary)