467

وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (انظروا إلى من هو أسفل منكم ولا تنظروا إلى من هو فوقكم فهو أجدر أن لا تزدروا نعمة اللَّه عليكم) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ. وهذا لفظ مسلم.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Özüňizden pes[1] bolana serediň, sizden üstün bolana seretmäň! Çünki bu, Allahyň size beren nygmatlaryny äsgermezlik etmezlik üçin has dogry bir ýoldur”.

وفي رواية البخاري: (إذا نظر أحدكم إلى من فضل عليه في المال والخلق فلينظر إلى من هو أسفل منه).

Buharynyň rowaýatynda şeýle gelýär:

“Eger-de siziň biriňiz mal we ýaradylyş babatda özünden üstün bolan adama seretse, onda ol, özünden pes adamada seretsin!”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi. Bu Muslimiň sözidir)

bellikler:

[1] Ýagny ýaşaýşy, durmuşy pes bolana serediň.