486

وعن عبد اللَّه بن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: نام رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم على حصير فقام وقد أثر في جنبه. قلنا: يا رَسُول اللَّهِ لو اتخذنا لك وطاء. فقال: (ما لي وللدنيا! ما أنا في الدنيا إلا كراكب استظل تحت شجرة ثم راح وتركها) رَوَاهُ التِّرمِذِيُّ وَقَالَ حَدِيثٌ حَسَنٌ صحيح.

Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir boýranyň[1] üstünde ýatyrdy. Turandan soň onuň bir tarapynda yz galypdy. Biz: “Ýa Resulallah! Siziň aşagyňyza bir ýumşak düşek düşäýeli?” diýdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Meniň dünýä bilen näme işim bar?! Men bu dünýäde bir agajyň aşagynda kölegelenip, soňrada ony taşlap giden bir atly ýolagçy ýalydyryn” diýdi”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol hadys hasan – sahyh diýdi.)

bellikler:

[1] Klim ýa-da gamyşdan we hurma ýapragyndan dokalan düşek