506

وعن أَبي هُرَيْرَةَ رضي اللَّه عنه قَالَ : لَقدْ رَأَيْتُ سبْعينَ مِنْ أَهْلِ الصُّفَّةِ، مَا مِنْهُم رَجلٌ عَلَيهِ رِدَاء، إِمَّا إِزارٌ وإِمَّا كِسَاءٌ، قَدْ ربطُوا في أَعْنَاقِهم فمِنهَا مَا يَبْلُغُ نِصفَ السَّاقيْنِ، وَمِنهَا مَا يَبلُغُ الكَعْبَينِ، فيجمعُهُ بِيَدِهِ كَراهِيَةَ أَن تُرَى عَوْرَتُهُ. رواه البخاري

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Men Ashabus-suffanyň (mesjidiň içinde ýaşaýan garyp musulmanlaryň) ýetmiş sanysyny gördüm, olaryň hiç biriniň egninde-de bütin bedenini ýapyp duran eşik görmändim, diňe izar ýa-da boýunlaryndan daňylyp goýberilýän bir eşikleri bardy. Käbirleriniň eşikleri injikleriniň ýarsyna, käbirleriniňki bolsa, topuklaryna çenli ýetýärdi, owrat ýerlerini görkezmejek bolup, elleri bilen eşikleriniň bir tarapyndan tutardylar”.

Salgylanma:

(Buhary)