529

وعن أَبي عبدِ الرحمنِ عَوف بن مالِك الأَشْجَعِيِّ رضي اللَّه عنه قالَ: كُنَّا عِنْدَ رسُولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم تِسَعْةً أَوْ ثَمَانِيَةً أَوْ سَبْعَةً، فَقَال:أَلاَ تُبَايِعُونَ رَسُولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وكُنَّا حَدِيثي عَهْدٍ بِبيْعَةٍ، فَقُلْنا: قَدْ بايعْناكَ يَا رسُولَ اللَّهِ، ثمَّ قالَ:ألا تُبَايِعُونَ رسولَ اللهِ؟ فَبَسَطْنا أيْدينا وقلنا قد بايعناك يا رسول الله فَعَلاَم نَبَايِعُكَ؟ قَالَ:عَلَى أَنْ تَعْبُدُوا اللَّه وَلاَ تُشْرِكُوا بِهِ شَيْئاً، والصَّلَوَاتِ الخَمْس وَتِطيعُوا وَأَسرَّ كلمَة خَفِيةً :وَلاَ تَسْأَلُوا النَّاسِ شَيْئاً .فَلَقَدْ رَأَيتُ بَعْضَ أُولِئكَ النَّفَرِ يَسْقُطُ سَوْطُ أَحدِهِمْ فَما يَسْأَلُ أَحَداً يُنَاوِلُهُ إِيَّاهُ .رواه مسلم.

Ebu Abdurrahman Auwf ibn Malik El-Aşjay’ydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Biz dokuz ýa sekiz ýa-da ýedi adam bolup, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda otyrdyk. Bize: “Resulullah sallallahu aleýhi weselleme wepaly boljaklygyňyza beýgat (söz berip, äht, kasam) etjek dälmisiňiz?” diýip sorady. Aslynda kasamy biz ýaňy-ýakynda edipdik. “Ýa, Resulallah! Biz Saňa beýgat edipdigä?” diýdik. Ol bize ýene-de: “Siz Allahyň Resulyna beýgat edip, kasam etjek dälmisiňiz?” diýdi.
Soňra biz Oňa ellerimizi uzatmaga başladyk we: “Biz Saňa öň beýgat edipdik, indi nämä üçin kasam etmeli?” diýdik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýalňyz Allaha ybadat edip, Oňa hiç bir zady şärik goşmajakdygyňyza, bäş wagt namaz okajakdygyňyza hem-de Allaha boýun boljakdygyňyza” diýdi we ýuwaşlyk bilen: “Kimseden zat dilemejekdigiňize-de beýgat edip, kasam ediň” diýdi.
(Auwf ibn Malik şeýle diýdi): “Men şol adamlaryň käbirlerini görüpdim; gamçysy ýere gaçardy, ýöne welin ony alyp ber diýip hiç kimden haýyş etmezdi”. "

Salgylanma:

(Muslim)