545

وعنه قالَ : قَالَ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: أَيُّكُمْ مَالُ وَارِثِهِ أَحَبُّ إِليه مِن مَالهِ؟ قالُوا: يَا رَسولَ اللَّه. مَا مِنَّا أَحَدٌ إِلاَّ مَالُهُ أَحَبُّ إِليه . قَالَ : فَإِنَ مَالَه مَا قَدَّمَ وَمَالَ وَارِثهِ ما أَخَّرَ . رواه البخاري

Ýene-de Ibni Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (sahabalardan):

“Siziň haýsyňyz mirasdüşeriniň baýlygyny öz baýlygyndan has gowy görýär?” diýip sorady. Olar: “Ýa Resulallah! Biziň aramyzda öz baýlygyny has gowy görmeýän ýok” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Kişiniň öz baýlygy haýyr-sahawat, sogap işler edip, öňünden iberen baýlygydyr. Mirasdüşerleriniň baýlygy bolsa, haýyr-sahawat etmän ýygnap goýan baýlygydyr”.

Salgylanma:

(Buhary)