554

وعن عُمَرَ رضيَ اللَّه عنه قَالَ : قَسَمَ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَسْماً، فَقُلتُ: يَا رسولَ اللَّه لَغَيْرُ هَؤُلاَءِ كَانُوا أَحَقَّ بهِ مِنْهُم؟ قال: إِنَّهُمْ خَيَّرُوني أَن يَسأَلُوني بالْفُحشِ أَوْ يُبَخِّلُوني، فَلَستُ بِبَاخِلٍ . رواه مسلم.

Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olja paýlaýardy. Men: “Ýa Resulallah! Beýlekiler bulardan has mynasyp dälmi näme?” diýdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Bular meni, şu iki zadyň birini saýlamaga mejbur etdiler; Ýa paýyş sözler bilen menden mal sorajaklar ýa-da meni gysgançlyk bilen aýyplajaklar. Men bolsam gysganç däldirin!”. "

Salgylanma:

(Muslim)