555

وعن جُبَيْرِ بنِ مُطعِم رضيَ اللَّه عنه أَنه قَالَ : بَيْنَمَا هُوَ يسِيرُ مَعَ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مَقْفَلَهُ مِن حُنَيْنٍ، فَعَلِقَهُ الأَعْرَابُ يسَأَلُونَهُ، حَتَّى اضْطَرُّوهُ إِلى سَمُرَةٍ فَخَطَفَتْ رِدَاءَهُ، فَوَقَفَ النَّبِيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فقال: أَعْطُوني رِدَائِي، فَلَوْ كَانَ لِي عَدَدُ هذِهِ العِضَاهِ نَعَماً، لَقَسَمْتُهُ بَيْنَكُمْ، ثُمَّ لا تَجِدُوني بَخِيلاً وَلا كَذَّاباً وَلا جَبَاناً . رواه البخاري مَقْفَلَهُ أَيْ حَال رُجُوعِهِ. وَالسَّمُرَةُ : شَجَرَةٌ. وَالعِضَاهُ: شَجَرٌ لَهُ شَوْكٌ.

Jubeýr ibn Mut’ymden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Huneýn” söweşinden dolanyp gelýärkä, beduinler, olja paýlaryny talap edip başladylar. Netijede, Ony semure (akasiýa) agajynyň aşagyna gysyp goýdular. Dony agaja ilişip galdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (düýesini) durduryp: “Meniň donumy beriň! Eger-de, meniň şu ýerdäki tikenli gyrymsy agaçlary ýaly mallarym köp bolsady, elbetde, men olary siziň araňyzda paýlap bererdim. Şonda siz meniň gysganç, ýalançy, gorkak däldigimi görerdiňiz” diýdi”.

Salgylanma:

(Buhary)