566

وعن أَبي سعيدٍ الخُدريِّ رضي اللَّهُ عنه قَالَ: بينَمَا نَحْنُ فِي سَفَرٍ مَعَ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم إِذ جَاءَ رَجُلٌ عَلَى رَاحِلَةٍ لَهُ، فَجَعَلَ يَصْرفُ بَصَرَهُ يَمِيناً وَشِمَالاً، فَقَال رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: مَنْ كَانَ مَعَهُ فَضْلُ ظَهرٍ فَليَعُدْ بِهِ عَلى مَنْ لا ظَهْرَ لَهُ، وَمَن كانَ لَهُ فَضْلٌ مِن زَادٍ، فَليَعُدْ بِهِ عَلَى مَن لا زَادَ لَه فَذَكَرَ مِن أَصْنَافِ المَالِ مَا ذَكَرَ حَتَّى رَأَيْنَا أَنَّهُ لاَ حَقَّ لأحدٍ مِنَّا في فَضْلٍ .رواه مسلم

Ebu Sa’yd El-Hudryýdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen sapardadyk. Bir adam düýesine münüp geldi-de, bir zatlar isleýän ýaly saga-çepe seredip başlady[1]. Muny görüp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Artykmaç münmäge (düýe, at ýaly) ulagy bar bolan adam, ýoklara bersin. Artykmaç azygy bar bolan adam, ýoklara bersin!” diýip, birnäçe görnüşli emläkleri sanap geçdi. Biz şol wagt hiç kimiň özünden artykmaç zatlary saklamaga hukugynyň ýokdugyna düşünip galdyk”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1] Ol adam gaty garypdy. Kömek üçin birine ýüz tutjak boldy.