567

وعن سَهلِ بنِ سعدٍ رضي اللَّه عنه أَنَّ امرَأَةً جَاءَت إِلى رسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بِبُردةٍ مَنسُوجَةٍ، فَقَالَتْ: نَسَجتُها بِيَديَّ لأكْسُوَكَهَا، فَأَخَذَهَا النَّبِيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مُحتَاجاً إِلَيهَا، فَخَرَجَ إِلَينا وَإِنَّهَا لإزَارُهُ، فَقَالَ فُلانٌ اكسُنِيهَا مَا أَحسَنَها، فَقَال:نَعَمْ فَجلَس النَّبِيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم في المجلِسِ، ثُمَّ رَجَعَ فَطَواهَا، ثُمَّ أَرسَلَ بِهَا إِلَيْهِ: فَقَالَ لَهُ القَوْمُ: مَا أَحسَنْتَ، لَبِسَهَا النَّبِيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مُحْتَاجاً إِلَيها، ثُمَّ سَأَلتَهُ، وَعَلِمت أَنَّهُ لا يَرُدُّ سَائِلاً، فَقَالَ: إنّي وَاللَّهِ مَا سَأَلْتُهُ لألْبَسَها، إِنَّمَا سَأَلْتُهُ لِتكُونَ كَفَنِي. قَالَ سَهْلٌ: فَكانت كَفَنَهُ. رواه البخاري.

Sähl ibni Sa’dden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna dokalan bir don getirip: “Muny size geýdirmek üçin öz ellerim bilen dokadym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hakykatdanam şol eşige mätäçdi, ony kabul etdi we ony izar hökmünde (bilinden aşagyna sarap) biziň ýanymyza geldi. Bir adam: “Bu nähili owadan eken, ony maňa beräý, men geýäýin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bolýar” diýdi. Biraz oturandan soňra öýüne gitdi we ony epläp ol adama ugratdy. Sahabalar oňa (gaharlanyp): “Seniň bu edişiň gowy bolmady! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň özi şol eşige mätäçdi. Onsoňam, kim näme sorasa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň oňa ýok diýmejegini bilip, sen ondan dilediň” diýdiler. Ol adam: “Allahdan ant içýärin, men ony geýmek üçin soramadym, men ony özüme kepen edinmek üçin soradym” diýdi.
Sähl şeýle diýdi: “Hakykatdanam, ol eşik onuň kepeni boldy”."

Salgylanma:

(Buhary)