570

"وعن أَبي هريرة رضي اللَّه عنه عَنِ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: بيْنَا أَيُّوبُ عليه السلام يَغتَسِلُ عُريَاناً، فَخَرَّ عَلَيْهِ جَرَادٌ مِن ذَهَبٍ، فَجَعَلَ أَيُّوبُ يَحثي في ثَوبِهِ، فَنَادَاهُ رَبُّهُ عَزَّ وَجلَّ: يَا أَيُّوبُ، أَلَم أَكُنْ أغنيتك عمَّا تَرَى؟ قال : بَلَى، وعزتك وَلكِن لاَ غِنَى بي عَن بَرَكَتِكَ. رواه البخاري.
"

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir gün Eýýub aleýhis-salam ýalaňaç suwa düşüp otyrka, onuň üstünden altyndan çekirtgeler ýagyp başlady. Eýýub hem olary ýygnap, eşigini dolduryp başlady. Gudratygüýçli we Beýik Robby oňa: “Eý, Eýýub! Men seni bu görýän zatlaryňa mätäç bolmajak derejede baý etmedimmi näme?” diýip seslendi. Eýýub: “Hawa, Y’zzatyňdan[1] ant içýärin etdiň, ýöne Seniň bereketiňdenem doýma ýoga” diýip jogap berdi”.

Salgylanma:

(Buhary)

bellikler:

[1] Güýjiňden