587

وعَنْ قَيسِ بنِ أَبي حازمٍ قَالَ: دَخَلْنَا عَلى خَباب بنِ الأَرَتِّ رضيَ اللَّهُ عنهُ نَعُودُهُ وَقَدِ اكْتَوى سَبْعَ كَيَّاتٍ فَقَالَ: إِنَّ أَصْحابنا الَّذِينَ سَلَفُوا مَضَوْا، ولَم تَنْقُصْهُمُ الدُّنْيَا، وإِنَّا أَصَبْنَا مَا لاَ نجِدُ لَهُ مَوْضِعاً إِلاَّ الترابَ ولَوْلاَ أَنَّ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم نهانَا أَنْ نَدْعُوَ بالمَوْتِ لَدَعَوْتُ بِهِ ثُمَّ أَتَيْنَاهُ مَرَّةً أُخْرَى وهُوَ يَبْني حَائِطاً لَهُ، فَقَالَ: إِنَّ المُسْلِمَ لَيُؤْجَرُ فِي كُلِّ شَيءٍ يُنْفِقُهُ إِلاَّ فِي شَيءٍ يَجْعَلُهُ في هَذَا الترابِ. متفقٌ عَلَيْهِ، وهذا لفظ رواية البخاري.

Kaýs ibni Ebu Hazimden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Biz Habbab ibn Aretti ýaramaýan wagty soramana bardyk. Onuň bedeniniň ýedi ýerinden bejergi üçin ot basylypdy. Ol bize şeýle diýdi: “Bizden öňki geçip giden dostlarymyz dünýä aldanman geçip gitdiler (dünýä olardan hiç bir zat alyp bilmedi). Biz bolsa şeýle köp mal-baýlygyň eýesi bolduk, ony toprakdan başga goýmaga ýer tapmadyk. Eger-de, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize ölümi dilemegi gadagan etmedik bolsady, men ony hökman dilärdim”[1].
Soňra başga bir gezek onuň ýanyna baranymyzda ol diwar örüp oturan eken. Ol bize: “Elbetde, musulman adam şu topraga eden harajatyndan başga ähli eden harajatlaryndan sogap gazanar” diýdi”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Habbab ibn Arettiň ýaralary köp bolansoň şeýle diýen bolmagy mümkin.