608

وعن أَنسٍ رضي اللَّه عنه أَنَّ رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم كان إِذَا أَكَلَ طَعَاماً لَعِقَ أَصابِعه الثلاثَ قال: وقال: إِذَا سَقطَتْ لُقْمَةُ أَحَدِكُمْ، فَلْيُمِطْ عَنْها الأَذى، ولْيأْكُلْها، وَلا يَدَعْها للشَّيْطَانِ وَأَمَر أَنْ تُسْلَتَ القَصْعَةُ قالَ: فَإِنَّكُمْ لا تدْرُونَ في أَيِّ طَعامِكُمُ البَركَةُ. رواه مسلم .

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem nahar iýip bolandan soň üç barmagyny ýalap, şeýle diýerdi: “Siziň biriňiziň lukmasy ýere gaçsa, onuň hapasyny aýyrsyn-da iýsin, ony şeýtana goýmasyn”.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tabagy arassalamagy emr edip, şeýle diýdi: “Siz naharyňyzyň niresinde berekediň bardygyny bilmersiňiz!”. "

Salgylanma:

(Muslim)