وعنه قال: قال رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « قال اللَّه عزَّ وجلَّ: العِزُّ إِزاري، والكِبْرياءُ رِدَائِي، فَمَنْ يُنَازعُني في واحدٍ منهُما فقدْ عذَّبتُه « رواه مسلم .
Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Allah ‘Azza we Jelle şeýle diýdi: “Yzzat (güýç, gudrat) – meniň eşigimdir, kibirlik (beýiklik) – meniň donumdyr. Kimde-kim bulardan birini (özünde görkezip) Menden aljak bolsa, Men oňa azap bererin”.