634

وعنها أَن النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « إِنَّ اللَّهَ رَفِيقٌ يُحِبُّ الرِّفقَ، وَيُعْطِي على الرِّفق ما لا يُعطي عَلى العُنفِ وَما لا يُعْطِي عَلى ما سِوَاهُ « .رواه مسلم .

Ýene-de Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Elbetde, Allah mähirlidir, sypaýydyr we mähirliligi hem söýýändir. Mähirlilige berýän (sogaby ýaly sogaby), gödeklilige we başga hiç bir zada berýän däldir”.

Salgylanma:

(Muslim)