754

وعن سعيد بنِ الحارث أَنَّه سأَل جابراً رضيَ اللَّه عنه عنِ الوضوءِ مِمَّا مَسَّتِ النَّارُ، فَقَالَ : لا، قَدْ كُنَّا زمنَ النبيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم لا نجدُ مثلَ ذلك من الطعامِ إِلاَّ قلِيلاً، فإِذا نَحنُ وجدناهُ، لَم يَكْنْ لَنَا مَنَادِيلُ إِلا أَكُفَّنَا وسَوَاعدنَا وأَقْدَامَنَا، ثُمَّ نُصَلِّي وَلا نَتَوَضَّأُ. رواه البخاري.

Sa’yd ibn Harisden rowaýat edilmegine görä, ol Jabirden (Allah ondan razy bolsun):

“Otda bişirilen bir zady iýenden soň täret almalymy?” diýip sorady. Jabir: “Ýok, gerek däl, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe onuň ýaly oda bişirilen nahary gaty seýrek görerdik. Eger-de, onuň ýaly nahar tapyp iýen wagtymyz, ellerimizi süpürer ýaly elýaglyklar bolmanlygy üçin ellerimizi bileklerimize we aýaklarymyza süpürerdik, soňra bolsa täret alman namaz okardyk” diýdi”.

Salgylanma:

(Buhary)