821

وعن جابر بن سَمُرَة رضي الله عنه قَالَ: كَانَ النبيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم إذَا صَلَّى الْفَجرَ تَرَبَّعَ في مَجْلِسِهِ حتَّى تَطْلُعَ الشَّمسُ حَسْنَاء . حدِيث صحيح، رواه أَبُو داود وغيره بأسانيد صحيحةٍ.

Jabir ibn Sämureden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem ertir namazyny okandan soň tä, Gün gowy dogýança, ýerinde aýbogdaşyny gurup oturardy”.

Salgylanma:

(Sahyh hadys. Ebu Dawud we başgalar sahyh isnadlar bilen rowaýat etdiler)