873

عن كِلْدَةَ بن الحَنْبل رضي الله عنه قَالَ : أتَيْتُ النَّبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَدَخَلْتُ عَلَيْه وَلَمْ أُسَلِّم. فَقَالَ النَّبيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: ارْجعْ فَقُلْ السَّلامُ عَلَيكُم أَأَدْخلُ؟ . رواه أَبُو داود، والترمذي وقال : حديث حسن.

Kilde ibn Hanbälden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Men bir gezek Pygamberimiz sallahu aleýhi weselleme salam bermän ýanyna girdim. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem: “Yzyňa dolanda: “Ässalamu ‘aleýkum, girip bilerinmi?” diýip, aýt diýdi”.

Salgylanma:

“(Ebu Dawud. Tirmizi. Ol hadys hasan – diýdi) “