وعن جابر رضي الله عنه قَالَ : أتَيتُ النبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَدَقَقْتُ البَابَ فقال : من هذا؟ فَقُلتُ: أَنَا، فَقَالَ: أنَا أنَا؟ كأنهُ كَرهَهَا. متفق عليه .
Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Men bir gün Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, gapysyny kakdym: “Kim bu?” diýdi. “Men” diýip jogap berdim. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem: “Men, men?!” diýip gaýtalady. Ol meniň jogabymy halamadyk ýaly boldy”.