888

وعن أنس رضي الله عنه قَالَ : قَالَ رَجُلٌ: يَا رسولَ اللهِ، الرَّجُلُ مِنَّا يَلْقَى أخَاُه أوْ صَديقَهُ أ ينْحني لَهُ؟ قَالَ: لاَ . قَالَ: أ فَيَلتزمه وَيُقَبِّلُهُ؟ قَالَ: لاَ .قَالَ: فَيَأْخُذُ بِيَده وَيُصَافِحُهُ؟ قال : نَعَم َ . رواه الترمذي وقال: حديث حسن.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir adam: “Ýa Resulallah! Bizden bir adam, doganyna ýa-da dostuna duşan wagty onuň üçin başyny egip bilermi?” diýip sorady. Ol: “Ýok” diýdi. Ol adam ýene-de: “Gujaklap, öpüp bilermi?” diýdi. Ol: “Ýok” diýdi. Ol adam ýene-de: “Elinden tutup, salamlaşyp bilermi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem: “Hawa” diýip jogap berdi”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol hadys hasan – diýdi)