913

عن عِمران بن الحُصَين رضي اللَّه عنهما أَن امرأَةً مِنْ جُهَيْنَةَ أَتَتِ النبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وهِي حُبْلَى مِنَ الزِّنَا ، فقالت : يا رسول اللَّهِ ، أَصبتُ حدًّا فَأَقمْهُ علَيَّ ، فَدعا رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وليَّهَا ، فقال : «أَحْسِنْ إِلَيْهَا ، فَإِذا وضَعتْ فَأْتِني بِهَا « فَفعلَ فَأَمر بِها النبيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فشُدَّتْ علَيها ثِيابُها ، ثُمَّ أَمر بِها فَرُجِمتْ ، ثُمَّ صَلَّى عليها « رواه مسلمٌ .

Imran ibn Husoýndan (Allah ol ikisinden razy bolsun) rowaýat edilmegine görä:

"“Juheýne taýpasyndan bir aýal zynadan göwreli boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Jeza beriljek bir günä iş etdim, maňa jeza ber!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň hossaryny ýanyna çagyryp: “Bu aýala gowy seret. Çagasyny dograndan soň, ony meniň ýanyma alyp gel!” diýdi.
Ol adam diýşi ýaly etdi we çagasyny dogurandan soň ol aýaly getirdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol aýalyň eşikleriniň gowy edip daňylmagyny emr etdi. Soňra Onuň emri bilen ol aýal daşlanyp öldürildi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa jynaza namazyny okady”. "

Salgylanma:

(Muslim)