عن ابنِ مسعودٍ رضيَ اللَّه عنه قال : دَخَلتُ عَلى النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وهُو يُوعكُ، فَمسسْتُه ، فقلْتُ: إِنَّكَ لَتُوعَكُ وعْكاً شَديداً ، فقال : « أَجَلْ إِنِّي أُوَعَكُ كما يُوعكُ رَجُلانِ مِنْكُمْ . «متفق عليه .
Ibni Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna girdim. Ol güýçli gyzdyrmadan ejir çekýän eken. Men oňa elimi degirip: “Hakykatdanam, gaty güýçli gyzdyrypsyňyz” diýdim. Ol: “Hawa, men sizden iki adamyň gyzdyryşy ýaly (ýagny iki esse) gyzdyrýan” diýdi”.