921

وعنها قالت: سمعتُ رسول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقول : « مَا مِنْ عبدٍ تُصِيبُهُ مُصِيبَةٌ ، فيقولُ : إِنَّا للَّهِ وَإِنَّا إِليهِ رَاجِعُونَ: اللَّهمَّ أجرني في مُصِيبَتي، وَاخْلُف لي خَيْراً مِنْهَا، إِلاَّ أَجَرَهُ اللَّهُ تعَالى في مُصِيبتِهِ وَأَخْلَف له خَيْراً مِنْهَا . قالت : فَلَمَّا تُوُفِّيَ أَبُو سَلَمَة ، قلتُ كما أَمَرني رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَأَخْلَفَ اللَّهُ لي خَيْراً منْهُ رسولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم . رواه مسلم .

Ummu Selemeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

"“Haýsy bir guluň başyna musybat, kynçylyk düşende:
“Innä lillähi wä innä iläýhi roji’un, Allahummä äjirni fi musybäti wahluf li hoýron minha!”
(Elbetde, biz Allahyň gullarydyrys, biz Ondan geldik we Onuň ýanyna-da gaýdyp bararys. Allahym! Başyma düşen musybetiň sogabyny, çeken jebrimiň ýerine bolsa has gowusyny bereweri!) diýip doga-dileg etse, Allah Tagala oňa kynçylygynyň sogabyny, öwezine-de has gowusyny ýetirer” diýdi.
Ummu Seleme: “Haçan-da, Ebu Seleme dünýäden öten soň men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öwredişi ýaly dileg etdim, Allah Tagala maňa onuň öwezine has haýyrlysyny – Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi berdi” diýdi.
"

Salgylanma:

(Muslim)