934

وعن مَرْثَدِ بن عبدِ اللَّه اليَزَنِيِّ قال : كانَ مالكُ بنُ هُبَيْرَةَ رضي اللَّه عنه إِذا صلَّى عَلى الجنَازَةِ ، فَتَقَالَّ النَّاسَ عَليها ، جزَّأَهُمْ عَلَيْهَا ثَلاثَةَ أَجْزَاءٍ ثم قال : قالَ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « مَنْ صَلَّى عليهِ ثَلاثَةُ صُفُوف ، فَقَدْ أَوْجَبَ « . رواه أبو داود ، والترمذي وقال : حديث حسن .

Marsad ibn Abdulla Ýazaniden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Mälik ibn Hubeýre (Allah ondan razy bolsun) merhuma jynaza namazy okajak wagty eger-de, ol ýere gelen jemagatyň sanyny az görse, olary üç hatara düzüp, soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi diýerdi: “Üç hatar bolup jynazasy okalan adam, hökman Jennete girjekdir”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi. Ol: Hadys hasan – diýipdir)