1011

وعنْهُ أَنَّ رَجُلاً سمِع رَجُلاً يَقْرَأُ: « قَلُ هُوَ اللَّه أَحدٌ « يُردِّدُها فَلَمَّا أَصْبَحَ جاءَ إِلى رسولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم ، فَذَكَرَ ذلكَ لَهُ وكَانَ الرَّجُلُ يتَقَالها. فَقَالَ رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « والَّذي نَفْسِي بِيَدِهِ، إِنَّها لَتَعْدِلُ ثُلُثَ الْقُرْآنِ « رواه البخاري .

Ýene-de Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

bir adam başga bir adamyň “Kul huwallahu Ahad” süresini gaýta-gaýta okap durşyny eşidip, ertesi ir bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baryp, oňa muny habar berdi. Ol adam muny ähmiýetsiz bir zat hasaplaýan ýalydy. Ony diňläp Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Janym elinde bolan Allaha kasam bolsun, elbetde, ol Kuranyň üçden birine barabardyr” diýdi.

Salgylanma:

(Buhary)