Ýene-de Osman ibn Affandan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“Bir gezek men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň meniň şu täret alyşym ýaly täret alyp duranyny gördüm. Soňra şeýle diýdi: “Kim şu şekilde täret alsa, onuň öňki eden günäleri bagyşlanar. Onuň namazy we mesjide ýöräp gidenligi üçin bolsa, artykmaç sogap gazanar”.