Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Siziň haýsy biriňiz namaz okaýan ýerinde täretini bozman (saklap, beýleki namaza çenli garaşyp) dursa, Perişdeler “Allahym! Ony bagyşla. Allahym! Oňa merhemet et” diýip, doga edip durarlar”.