1066

وعنهُ قالَ: أَتَى النبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم رَجُلٌ أَعمى فقال: يا رسولَ اللَّهِ، لَيْس لي قَائِدٌ يقُودُني إِلي المَسْجِدِ، فَسأَلَ رسولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أَن يُرَخِّصَ لَهُ فَيُصَليِّ في بيْتِهِ، فَرَخَّص لَهُ، فَلَمَّا وَلىَّ دَعَاهُ فقال له: هلْ تَسْمَعُ النِّدَاءَ بِالصَّلاةِ ؟ قال: نَعَمْ، قال: « فَأَجِبْ « .رواه مسلم.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir kör adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Meni mesjide alyp gitjek adamym ýok” diýip namazyny öýünde okamak üçin Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rugsat sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem oňa rugsat berdi. Ol adam yzyna öwrülip gidip barýarka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony çagyryp: “Sen namazyň azanyny eşidýärsiňmi?” diýip sorady. Ol: “Hawa” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onuň ýaly bolsa, (çakylyga, azana) jogap ber! Ýagny, jemagata (mesjide) gel!” diýdi”.

Salgylanma:

(Muslim)