1156

وعَنْهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم ذكر يَوْمَ الجُمُعَةِ فَقَالَ: « فِيها سَاعَةٌ لا يُوَافِقها عَبْدٌ مُسلِمٌ وَهُو قَائِمٌ يُصَلِّي يسأَلُ اللَّه شَيْئاً إِلاَّ أَعْطَاهُ إِيَّاه « وَأَشَارَ بِيدِهِ يُقَلِّلُهَا . متفقٌ عليه.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gezek Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem Juma gününden söz açyp şeýle diýdi: “Şol günde belli bir sagat[1] bardyr. Allahyň bir musulman guly namaz okap[2] durka şol sagada gabat gelip, Allah Tagaladan bir zat dilese, Ol hökman onuň dilän zadyny berer”. Ol bu sagadyň gaty gysgadygyny görkezmek üçin, eli bilen yşarat edip görkezdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

“[1] Bu ýerde sagat sözünden maksat az bir wagt bardyr diýmekdir. Edýän doga-dilegleriň şol sagada gabat gelse, hökman kabul bolýandyr.
[2] Şol sagatda namazda bolmagyň şert däldir. Çünki namaza garaşyp oturan adam hem namazda ýaly hasap edilýändir.