1177

وَعَنْ عبدِ اللَّهِ بنِ عَمْرو بنِ العَاصِ رَضيَ اللَّه عَنْهُمَا أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « أَحَبُّ الصَّلاةِ إلى اللَّهِ صَلاةُ دَاوُدَ وَأَحبُّ الصيامِ إلى اللَّهِ صِيامُ دَاوُدَ كانَ يَنَامُ نِصْفَ اللَّيْل وَيَقُومُ ثُلُثَهُ ويَنَامُ سُدُسَهُ وَيصومُ يَوماً وَيُفطِرُ يَوماً « .متفقٌ عليه.

Abdulla ibn ‘Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Allahyň iň gowy görýän namazy, Dawud (aleýhissalamyň) namazydyr. Allahyň iň gowy görýän orazasy hem, Dawud (aleýhissalamyň) orazasydyr. Dawud (aleýhissalam) gijäniň ýaryny ýatardy, (gijäniň) üçden birini turup ybadat bilen geçirerdi, soň gijäniň altydan birini ýene-de ýatyp geçirerdi. Ol bir gün agyz beklärdi, bir gün hem agzyny açardy”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)