1208

وعن ابن عبَّاس رَضيَ اللَّه عَنهُ أَنَّ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بعَثَ مُعَاذاً رضيَ اللَّه عَنْهُ إِلى اليَمنِ فَقَالَ: « ادْعُهُمْ إِلى شهادَةِ أَنْ لا إِلهَ إِلاَّ اللَّه وَأَنِّي رسُولُ اللَّهِ فإِنْ هُمْ أَطَاعُوا لِذلكَ فَأَعْلِمْهُم أَنَّ اللَّهَ تَعَالى افترض عَليهِمْ خَمسَ صَلواتٍ في كُلِّ يَوْمِ وليلةٍ فَإِن هُمْ أَطاعُوا لِذلكَ فَأَعْلمْهُمْ أَنَّ اللَّه افترض عَليهِمْ صَدقَةً تُؤخَذُ مِنْ أَغْنِيَائِهِمْ وَتُردُّ عَلى فُقَرائهِم» .متفقٌ عليه.

Ibn ‘Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu’azy (Allah ondan razy bolsun), Ýemene ugradyp şeýle diýdi:

“Ilki bilen olary Allahdan başga hiç hili hudaýyň ýokdugyna we Meniň hem Allahyň Resuly, ilçisidigime şaýatlyk etmeklerine çagyr. Eger olar muny kabul etseler, Allahyň olara bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namaz okamaklygy parz edendigini habar ber. Eger, olar muny hem kabul etseler, olaryň baýlaryndan alnyp garyplara berilmeli zekat (sadakasyny) Allahyň parz edendigini olara habar ber”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)