1279

وَعَنْهُ أنَّ امرَأَةً قالَتْ: يا رَسُولَ اللَّهِ إنَّ فَريضَةَ اللَّهِ على عِبَادِهِ في الحجِّ أَدْرَكتْ أبي شَيخاً كَبِيراً لا يَثبُتُ عَلى الرَّاحِلَةِ أَفَأْحُجُّ عَنهُ؟ قال: « نعم ». متفقٌ عليهِ.

Ýene-de Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

bir aýal: “Ýa Resulallah! Allah bendelerine haj etmegi parz etdi. Ýöne kakam eýýäm gaty garrady. Indi, ol eýeriň üstünde oturup bilmeýär. Onuň ýerine men haj edip bilerinmi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hawa” diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)