1319

وعنْ أنسٍ رضي اللَّه عنْهُ أنَّ أُم الرَّبيعِ بنْتَ البَرَاءِ وهي أُمُّ حارثةَ بنِ سُرَاقةَ أتَتِ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَت: يا رَسُولَ اللَّهِ ألا تُحدِّثُني عَنْ حارِثَةَ وَكانَ قُتِل يوْمَ بدْرٍ فَإنْ كانَ في الجَنَّةِ صَبَرتُ وَإن كانَ غَيْر ذلكَ اجْتَهَدْتُ عليْهِ في البُكَاءِ ، فقال: « يا أُم حارِثَةَ إنَّهَا جِنانٌ في الجَنَّةِ وَإنَّ ابْنَكَ أَصاب الفرْدوْسَ الأَعْلى ». رواه البخاري.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

", Harisa ibn Surakaň ejesi, Ummu Rabi’ bintul-Bara, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Maňa Harisa hakynda aýdyp bilersiňmi?” diýdi. Ol Bedr söweşinde öldürildi. Eger, ol Jennetde bolsa, sabyr ederin, ýogsam men onuň üçin kän aglaryn” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Eý, Ummu Harisa! Elbetde Jennetiň içinde kän Jennetler bardyr. Seniň ogluň olaryň iň beýigi, Firdews Jennetindedir” diýdi”.
"

Salgylanma:

(Buhary)