1320

وعَنْ جابر بن عبدِ اللَّهِ رضي اللَّه عنْهُما قال: جِيءَ بابي إلى النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قدْ مُثِّل بِهِ فَؤُضعَ بَيْنَ يَديْه فَذَهَبْتُ أَكْشِفُ عنْ وجهِهِ فَنَهاني قَوْمٌ فقال النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «ما زَالَتِ الملائِكَةُ تُظِلُّهُ بِأَجْنِحَتِها» متفقٌ عليه.

Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Elhenç ýagdaýda öldürilen kakamyň[1] jesedini getirip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde goýdular. Men baryp ýüzüni açjak boldum, adamlar meni sakladylar. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Perişdeler henizem oňa ganatlary bilen kölege berip durlar” diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1]Abdulla ibn Jabiriň kakasyny müşrikler Uhud söweşinde öldüripdirler.