1360

وعن المَعْرُور بن سُويْدٍ قالَ: رأَيْتُ أبا ذَرٍّ رضِيَ اللَّه عَنْهُ وعليهِ حُلَّةٌ وعَلى غُلامِهِ مِثْلُهَا فَسَألْتُهُ عَنْ ذلك فَذكر أنَّه سَابَّ رَجُلاً على عهْدِ رَسُولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَعَيَّرَهُ بأُمِّهِ فَقَال النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «إنَّك امْرُؤٌ فِيك جاهِليَّةٌ: هُمْ إخْوانُكُمْ وخَولُكُمْ جعَلَهُمُ اللَّه تَحت أيدِيكُمْ فَمَنْ كَانَ أَخُوهُ تَحت يَدهِ فليُطعِمهُ مِمَّا يَأْكلُ وَلْيُلْبِسْهُ مِمَّا يلبَسُ ولا تُكَلِّفُوهُم مَا يَغْلبُهُمْ فإن كَلَّفتُمُوهُم فَأَعِينُوهُم » .متفقٌ عليه.

Al-Magrur ibn Suweýdden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gün men Ebu Zerr radyýallahu anhuny[1] egninde, edil ýanyndaky gulunyň egnindäki geýen eşigi ýaly eşikde gördüm. Men ondan munuň sebäbini soradym. Ebu Zerr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem döwründe bir gula sögendigini we ejesi[2] sebäpli, ony kemsidendigini aýdyp berdi. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sende jahiliýýet (nadanlyk döwrüniň) häsiýetlerinden saklanyp galypdyr! Olar siziň (musulman) doganlaryňyzdyr we hyzmatkärleriňizdir. Allah olary siziň gol astyňyzda etdi. Eger-de kimiň dogany golunyň astynda bolsa, oňa öz iýen zatlaryndan iýdirsin we öz geýen zatlaryndan hem geýdirsin. Olara güýçleriniň ýetmejek agyr işlerini buýurmaň, eger buýurmaly bolan ýagdaýyňyzda, olara özüňiz hem kömek ediň!” diýdi.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

” [1] Radyýallahu anhu – Allah ondan razy bolsun, diýmek
[2] Ol gara adam Bilal radyýallahu anhudy. Ebu Zerr Allah ondan razy bolsun oňa: “Eý garanyň ogly!” – diýipdir.