1367

وعَنْ أبي هُريرة رضِيَ اللَّه عنْهُ أَنَّ رجُلاً أتى النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يتَقاضَاهُ فَأَغْلَظَ لَهُ فَهَمَّ بِهِ أَصْحابُهُ فَقَالَ رسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « دعُوهُ فَإنَّ لِصَاحِبِ الحَقِّ مقَالاً» ثُمَّ قَالَ: « أَعْطُوه سِنًّا مِثْلَ سِنِّهِ » قالوا: يا رسولَ اللَّهِ لا نَجِدُ إلاَّ أَمْثَل مِنْ سِنِّهِ قال: « أَعْطُوهُ فَإنَّ خَيْرَكُم أَحْسنُكُمْ قَضَاءً » .متفقٌ عليه.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, gödek ýagdaýda algysyny sorady. Sahabalar oňa çäre görjek boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Oňa degmäň! Çünki, hak eýesiniň gürlemäge haky bardyr” diýdi. Soňra olara: “Oňa onuň düýesi bilen deň ýaşdaky bir düýe beriň” diýdi. Sahabalar: “Ýa Resulallah! Onuň düýesinden (ýaşy) ulurak düýeden başga düýe tapmadyk” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Onda oňa (şol düýäni) beriň, çünki siziň iň gowyňyz, bergisini iň oňat görnüşde berýäniňizdir” diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)