1384

وَعنْهُ قَالَ: سمِعْتُ رسُول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَقُولُ: « الدُّنْيَا ملْعُونَةٌ ، ملْعُونٌ ما فِيهَا إلاَّ ذِكرَ اللَّه تَعَالى وما والاَهُ ، وعَالماً ، أوْ مُتَعلِّماً ». رواهُ الترمذيُّ وقال : حديثٌ حسنٌ.قولهُ « وَمَا وَالاهُ » أي : طاعةُ اللِّه .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Dünýä we onuň içindäki ähli zatlar melgundyr (näletlenendir). Diňe Allah Tagalanyň zikri[1] we oňa golaý ybadatlar şeýle hem alym we ylym öwrenýänler[2] olardan däldirler”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol hadys hasan, diýipdir)

bellikler:

“[1] Allahy ýatlamak we Oňa ýakynlaşdyrýan ybadatlar
[2] Allahyň razylygy üçin öwretmek we öwrenmek