1388

وَعَنْ أبي الدَّرْداءِ رضي اللَّه عَنْهُ قَال: سمِعْتُ رَسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقولُ: « منْ سلك طَريقاً يَبْتَغِي فِيهِ علْماً سهَّل اللَّه لَه طَريقاً إلى الجنةِ وَإنَّ الملائِكَةَ لَتَضَعُ أجْنِحَتَهَا لِطالب الْعِلْمِ رِضاً بِما يَصْنَعُ وَإنَّ الْعالِم لَيَسْتَغْفِرُ لَهُ منْ في السَّمَواتِ ومنْ في الأرْضِ حتَّى الحِيتانُ في الماءِ وفَضْلُ الْعَالِم على الْعابِدِ كَفَضْلِ الْقَمر عَلى سائر الْكَوَاكِبِ وإنَّ الْعُلَماءَ وَرَثَةُ الأنْبِياءِ وإنَّ الأنْبِياءَ لَمْ يُورِّثُوا دِينَاراً وَلا دِرْهَماً وإنَّما ورَّثُوا الْعِلْمَ فَمنْ أَخَذَهُ أَخَذَ بِحظٍّ وَافِرٍ ». رواهُ أبو داود والترمذيُّ. (قال المحدث الألباني في صحيح أبي داود: صحيح، الصفحة أو الرقم 3641).

Ebud-Derdadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Bir adam ylym almak üçin ýola düşse, Allah oňa Jennete barýan ýoly aňsat eder. Elbetde, perişdeler ylym gözleýänleriň edýän işlerinden hoşal bolup, olaryň üstlerine ganatlaryny ýaýarlar. Asmandaky we ýerdäki ähli zatlar hat-da suwdaky balyklara çenli, alym adama magfiret (ýalkowlyk) dilärler. Alymyň abytdan (ybadat edýän adamdan) artykmaçlygy, aýyň beýleki ýyldyzlardan artykmaçlygy ýalydyr. Elbetde, ulamalar (alymlar) Pygamberleriň mirasdüşerleridir. Pygamberler altyn ýa-da kümüş miras goýman, diňe ylym miras goýup gitdiler. Ony alan adam bolsa, uly bir paý alan adam bolar”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi. Albani “Sahyh Ebu Dawud”-de sahyh hadys diýdi (3641))