1416

وعَن المُغِيرةِ بن شُعْبةَ رضي اللَّه عَنْهُ أنَّ رَسُول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم كَان إذا فَرغَ مِنَ الصَّلاة وسلَّم قالَ: « لا إلهَ إلاَّ اللَّه وحْدَهُ لا شَرِيكَ لَهُ لهُ المُلْكُ ولَهُ الحَمْدُ وهُوَ عَلى كُلِّ شَيءٍ قَديرٌ. اللَّهُمَّ لا مانِعَ لما أعْطَيْتَ وَلا مُعْطيَ لما مَنَعْتَ ولا ينْفَعُ ذا الجَدِّ مِنْكَ الْجَدُّ « .متفقٌ عليهِ .

Mugyra ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (parz) namazyny okap bolandan soň salam berip, şeýle diýerdi:
“Lä ilähä illlallahu wähdähu lä şärikä lähu lähul-mulku wälähul-hämdu wähuwä ‘ala kulli şäýin kodir. Allahummä lä mäni’a limä a’toýtä wälä mu’tyýä limä mäna’tä wälä ýänfä’u zäl-jäddi minkäl-jäddu!”
(Allahdan başga (Hak ybadat edere) hiç hili hudaý ýokdur. Onuň diňe Özi bardyr, Onuň hiç hili şärigi ýokdur. Ähli mülk Onuňkydyr. Ähli öwgüler Oňa mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýetýändir. Allahym! Seniň beren zadyňa garşy çykyp, bermejek zadyňy bolsa, berip biljek hiç kim ýokdur. Seniň merhemetiň bolmasa, hiç bir baý adamyň baýlygynyň oňa peýdasy degmez!). "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)